O'Genri
O'Genri
(1862-1910)
Amerikan ýazyjysy O.Genri (hakyky ady – Wilýam Sidni Porter) 1862-nji ýylyň 11 sentýabrynda, Demirgazyk Karolina ştatynyň Grinsboro şäherinde dünýä inýär. Üç ýaşynda enesi ýogalýar, daýzasynyň elinde terbiýelenýär. Mekdebi tamamlanyndan soň farmasewtika hünärine okaýar, daýysynyň dermanhanasynda işleýär. Üç ýyldan Tehasa göçýär, ol ýerde ştatyň ýer dolandyryş edarasynda işleýär. Soňra Ostin şäherinde, bankda gaznaçy hem hasapçy bolup işe girýär. 1980-nji ýyllaryň ahyrlarynda edebiýat bilen meşgullanyp başlaýar. 1894-nji ýylda “Rolling Stoun” atly žurnal esaslandyryp, ony tutuşlygyna diýen ýaly özüniň oçerkleri, oýunlary, goşgulary hem-de çeken suratlary bilen doldurýar. Bir ýyldan žurnal ýapylýar, ýazyjy bolsa işden çykarylyp, bankyň kemçilikleri sebäpli kazyýet jogapkärçiligine çekilýär. Ilki ýarym ýyllap Gondurasda bukulyp ýaşaýar, soňra Ogaýo ştatynyň Kolumbus türmesinde üç ýylyny geçirýär(1898-1901). Türmäniň keselhanasynda işläp, şol ýerde hekaýalaryny döredip ugraýar, özüne “O.Genri”edebi lakamyny alýar. Bu ady bilen 1899-njy ýylda çap etdiren “Dik-Sykylykçynyň täze ýyl sowgady” atly ilkinji hekaýasyny hem türmedekä döredipdir.
O.Genriniň “Şalar hem kelemler” atly birinji romany 1904-nji ýylda neşir edilýär we derrew ýazaryna meşhurlyk getirýär. Mundan soň ýazyjynyň jomart galamyndan tiz wagtyň içinden “Dört million”(1906), “Ýakylgy çyra”(1907), “Günbataryň ýüregi”(1907), “Şäheriň sesi”(1908), “Wyždanly kezzap”(1908), “Ykbal ýollary”(1909), “Saýlananlar” (1909), “Takyk hasaplar”(1910), “Pyrlawaçlar”(1910) ýaly hekaýalar ýygyndylary çykýar we ýazyjynyň adyny dünýä belli edýär. Bu hekaýalaryň hemmesi degişme äheňinde, satiriki žanrda ýazylan. O.Genriniň gahrymanlarynyň arasynda ähli kärdäki adamlara diýen ýaly duş gelse bolýar. Ýazyjy amerikan edebiýatynda gysga hekaýany kämilletmekde biçak uly iş bitiren ýazyjy hökmünde tanalýar. Onuň «Wyždanly kezzap», «Saýlaýan ýollarymyz», «Gyzyl tenlileriň serdary», «Söýgüniň sowgady» ýaly 200-den gowrak hekaýalary, «Şalar hem kelemler» romany ýazyjy eýýäm aýatda diri gezip ýörkä dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna girizildi.
O.Genri Nýu-Ýork şäherinde, 1910-njy ýylyň 5-nji iýunynda, bagryň sirrozy hem süýjikeseli sebäpli aradan çykýar.
Bu gün O.Genriniň hekaýalary bütin dünýäde ýokary okuw jaýlaryň okuw maksatnamasyna girizilen.