[go: up one dir, main page]
More Web Proxy on the site http://driver.im/Mazmuna geçiň

Eneolit döwri

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Mowzuk: Ekerançylygyň we maldarçylygyň ýüze çykmagy. Eneolit.

1. Ekerançylygyň ýüze çykmagy

2. Maldarçylygyň ýüze çykmagy

Enolit

Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň 2000-nji ýýlyň dekabrynda Türkmenistanyň medeni mirasyny öwrenmeklige bagyşlanan konferensiýanyň çykyşy.

Maldarçylygyň we ekerançylygyň döremegi ilkinji nobatda adamyň uly önümçilik ýeňişini aňlatdy. Eger ýygnaýjylyk hem-de awçylyk arkaly adamlar tebigatyň taýýar önümlerini iýmit höküminde peýdalanan bolsalar ekerançylyga we maldarçylyga geçilmegi bilen şol önümleri indi özleri öndürüp iýmit höküminde kadaly peýdalanyp başladylar. Indi adamlarda et, däne, dürli ösümlikleriň kökleri görnüşinde taýýar önümler peýda boldy. Köp taýpalarda ekerançylyk we maldarçylyk bir wagtda ösüp başlady. Käbir maldarçylyk has ösen ýerlerinde bolsa ekerançylyk kömekçi hojalyk görnüşinde ösdi. Neolit eýýamynda entek maldarçylygam, ekerançylygam taýpalaryň köpçüliginde hojalygyň esasy pudagy höküminde çykyş etmedi.

Türkmenistanyň dag eteklerinde ýaşan taýpalaryň oturymlaşan durmuşa geçmeginde tebigy şertlerde uly orun tutýar. Dag eteklerindäki çeşmeleriň ýakalaryndaky suw basýan peslikler ilkinji ekin meýdanlary bolup hyzmat edipdir. Şeýle suw basýan ýerleriň golaýynda uruglar oturymlaşyp, ýönekeý ekerançylyk we maldarçylyk hojalygyny alyp barmaga uýgunlaşypdyrlar. Şol çeşmeleriň bagynda bişýän ýabany däneli ekinler ekerançylygyň ösmegine oňaýly şertler döredipdir. Ýakyn Gündogar ýurtlarynda boluşy ýaly Türkmenistanda hem gurak aram klimatyň bolmagy ekerançylyk işleri diňe emeli suwaryş arkaly mümkin bolupdyr. Emeli suwaryş Gündogar ýurtlarynyň hojalyk durmuşynda ägirt uly orun tutup, olaryň taryhy ösüşiniň birentek taraplaryny kesgitläpdir. Hut şu sebäbe göräde bu ýurtlarda ekerançylygyň emele gelmegi ekin meýdanlaryny emeli usul bilen suwarmak mümkinçiligi bilen berk baglanyşykly bolupdyr.

Seredilip geçilýän döwürlerde Türkmenistanda sil suwy bilen suwaryşa esaslandyrylan ekerançylyk ýöredilipdir. Ekin meýdanlar çil bilen atyzlara bölünip, olara sil suwy akdyrylyp suwa basdyrylypdyr. Heniz gurap gatamadyk topragyň ýüzüne tohum sepilipdir. Bu az netijeli usul bolsada, Türkmenistanyň gadymy ekerançylary şu ýönekeý usuly ulanyp ekerançylyk işlerini alyp barypdyr.

Neolit döwründe Köpetdagyň gerişleri bilen Garagum çägelikleriniň arasynda urug obşinalarynyň ýaşan ýerleri alymlar tarapyndan öwrenildi. Şol ýadygärlikleriň biri Aşgabadyň golaýyndaky Jeýtun diýilýän otrum ýerdir. Ol ýerde gumluk däpäniň üstünde ýerleşýän peýdaly 0,5 ga deň bolan Jeýtun ýadygärliginden 40-a golaý bir otagly ýaşaýyş jaýlarynyň üsti açyldy. Ol jaýlarda sany 5-6 adamdan ybarat bolan jübüt maşgalalar ýaşapdyrlar. Şol jaýlaryň diwarlarynyň bir bölegi togalanan toýun palçykdan salynypdyr. Birneme gijiräki döwürde bolsa ol palçyk çig kerpiçler bilen çalyşylypdyr. Şol zamanyň başga bir ýadygärligi Gökdepeden Gündogardaky çopandepede bolan jaýlar hem şonuň ýaly edilip salynypdyr. Bu ýadgärlikler neolit zamanynyň medeniýetine degişli bolupdyr. hem-de özüne mahsus tapyndylary boýunça Jeýtun medeniýetine degişlidir. Bu medeniýet öňki SSSR-iň territoriýasyndaky iň gadymy ekerançylyk we maldarçylyk taýpalarynyň mediniýetidir. Jeýtun we Çopandepe ýadygärlikleri gazylyp agtarylanda arpa däneleriniň yzlary, öý haýwanlarynyň – geçileriň, goýunlaryň, öküziň we itiň köp sanly süňkleri tapyldy. Bu ýerde entek awçylyk hem öz ähmiýetini ýitirmändir. Munuň şeýledigini şol ýerden tapylan keýik süňkleri görkezýär. Zähmet gurallaryny ýasamak üçin entek daş hyzmat edipdir. Arheologlar tarapyndan tapylan daşdan bejerilen zähmet gurallarda Jebel gowagyndan tapylan gurallara meňzeş. Gadymy ekerançylar indi daşdan we süňkden orak bejermegi başarypdyrlar. Ol oraklary bolsa hasyl ýygnamak üçin peýdalanypdyrlar. Däne önümlerini işläp bejermek üçin daş sokular we däne owguçlar hyzmat edipdir.Jeýtunlylar gowy bişirilen ýasy düýpli gap-çanaklary hem bejeripdirler. Ol gaplarda bolsa göni çyzyklar ýa-da egrem-bügram çyzyklar görnüşinde hoşamlar bar.

Jeýtun medeniýetiniň ýadygärlikleri üç döwre bölünýär. 1-nji döwrüne Jeýtundepe, Çopandepe, Togalak depe; 2-nji döwrüne Pessejik depe, Çopandepe hem-de Gökdepe etrabyndaky beýleki ýadygärlikler; 3-nji döwrüne Mäne bilen Çäçäniň arasyndaky Çagylly depe degişlidir.

Jeýtun medeniýetiniň 2-nji döwründe häzirki Gökdepe etrabynyň çäklerinde irki ekerançylyk oazisleri döräpdir. Pessejikdepe onuň merkezi bolupdyr. Arheologlar bu ýerden çakmakdaşdan ýasalan orak, gazawlar, burawlar, iňňeler, bizler, däne owguçlaryny, küýze önümleriniň böleklerini, tutdan ýasalan her dürli monjuklar, daşdan we balykgulajyklardan ýasalan şekilleri tapdylar. Pessejik depedäki ýaşaýyş taýpalarynyň gurluşy, onda peýdalanylan gurluşyk matrýallardan hem-de gurluş usuly Jeýtun jaýlaryna meňzeş. Şol bir wagtda Pessejikdepeleriň durmuşynyň köp aýratynlyklary hem bolupdyr. Ol ýerde üsti açylan jaý ybadathana jaýy bolupdyr diýlip çaklanylýar. Onuň diwarlary dürli bezegler bilen bezelipdir. Bu diwar bezegleri ilkidurmuş adamlarynyň sungaty babatynda möhüm açyşlaryň biridir.

  Ilkidurmuş  adamlarynyň durmuşynda Jeýtun medeniýetiniň  irki döwürden başlap maldarçylyk uly ähmiýete  eýe bolup başlaýar.

Çagylly depäniň aşaky gatlaklaryndan öküz süňküniň tapylmagy ol eýýamiň adamlarynyň diňe ownuk şahly mallary däl, eýsem iri şahly mallary-da eldekileşdirendigini aňladýar.

B.e.öňki IV müň ýyllykda ilkidurmuş adamlaryň durmuşynda oturymly ekerançylyk esasan giň ýaýran, şu döwürde Turkmenistanyň çäklerinde ýaşantaýnalar enolit medeniýetini döredýärler. Enolit bu mis-daş asyry diýmekligi aňladýar. Emma mis metaly gaty az bolandygy sebäpli, ondan diňe ýönekeýje temençeleri, ownuk-uşak bezeg zatlary bejermek bilen çäklenipdirler şeýlelikde mis metaly jemgyýetiň zähmet öndürjiligine düýpli täsir etmändir. Şoňa göräde entek hojalykda daş gurallaryny ulanmak dowam etdirilipdir.

Enolit zamanynda agaç gurallaryndan hem giňden peýdalanylypdyr. Ilkinji agaç kätmenler hem şol döwürde ýüze çykypdyr. Hut şu döwürde ekerançylyk işlerinde haýwanlaryň güýçlerini hem ulanyp başlapdyrlar.

Ekerançylyk bilen baglanşykly işleriň artmagy hojalykda atanyň rolunyň ýokarlanmagyna getiripdir. Indi enelik urugy öz ornuny atalyk urugyna berip başlayar indi aýallar öý işleri, çagalary terbiýelemek bilen meşgullanyp başlaýarlar urugy dolandyrmaklygy hem atalar öz ellerine alypdyrlar. Indi urug aksakgaly, çopan, goranmak işleri, uruş meseleleri, ekerançylyk işlerini alyp barmak erkekleriň paýyna düşüp ugraýar. Maldarçylyk hojalygynyň möhüm pudaga öwrülip ugramagy bilen baglanşykly ol ekerançylykdan bölünip aýrylýar. Mallaryň sanynyň kem-kemden köpelmegi giň öri meýdanlaryny talap edipdir. Indi çarwalar täze öri meýdanlaryny gözläp ondan-oňa göçüp ýöremeli bolupdyrlar. Olar öz çagalaryny hem bile alyp gidipdirler. Bu ýagdaý öz gezeginde çarwa maldarçylyk hojalygynyň ekerançylykdan bölünip aýrylmagyna getiripdir. Maldarçylygyň ýüze çykmagy dokmaçylygyň ösmegine getiripdir.

B.e.öňki II müň ýýllyk Enolit daş asyryndan bürünç asyryna geçmekligi aňladypdyr. Bu döwür Türkmenistanyň ilatynyň taryhy ösüşinde aýratyn eýýam bolup durýar.

Türkmenistanda enolit döwrüne degişli ýadygärlikleriň 30-dan gowragy bar. Olar esasan Günorta Türkmenistanyň çäklerinde ýerleşendir. Olaryň arasynda Tilkidepe, Daşlyde-depe, Akdepe, Owadandepe, Änewdepe, Garadepe, Namazgadepe, Ýylgynlydepe, Göksüýri we beýlekilerdir. Gadymyýetiň bu ýadygärlikleriniň öwrenilmegi 1904-nji ýylda amerikan alymy R.Pampelliniň ýolbaşçylygynda başlanýar. Bu alym Änew depelerinde gazuw barlag işlerini geçirdi hem-de köp sanly maddy ýadygärlikleri bolan tutuş medeni gatlagyň üstüni açdy.

Pampelliniň geçiren ylmy işleriniň oňaýly taraplary bilen birlikde kemçilikleri hem bardy. Ol gazuw-barlag işleri netijesinde tapylan tapyndylaryň owadanlaryny, nagyşlylaryny saýlap alypdyr. Beýle etmek bolsa dogry ylmy netijeleri çykarmak işini kynlaşdyrýar. Mundan başgada ol Änew medeniýetini ýangyn sebäpli heläk bolupdyr diýip nädogry netije çykarýar.

Amerikan ekspedisiýasynyň Änewde geçiren gazuw-barlag işlerine tankydy göz bilen garap türkmen alymlary Anew medeniýetini aşakdaky ýaly senelere bölýär.

Änew I-b.e.öňki V-IV müň ýyllyklaryň başlary;

Änew II- b.e. öňki IV müň ýyllygyň ahyrlary III müň ýyllyk;

Änew II – b.e.öňki III-II müň ýyllyklar;

Anew IV – b.e.öňki I müň ýyllygyň ortalaryna çenli.

Görşimiz ýaly Änew medeniýetiniň ilkinji iki döwri eneolit zamanyna degişli bolup ol b.e.öňkiV-III müň ýyllyklary öz içine alýar. Soňky iki döwri bolsa bürünç asyryna degişli bolup, b.e.öňki II-I müň ýyllyklary öz içine alýar.

Türkmenistanyň territoriýasynda belli bolan eneolit zamanynyň oturymly ýerleri günbatarda Gyzylarbatdan başlap, gündogardan Tejen derýasynyň orta akymlaryna çenli bolan dag etek zolagyny tutupdyr. Kakanyň ýanyndaky Ýasydepe, Artygyň ýanyndaky Namazgadepe, Garadepe, Tejen şäherinden gündogardaky Göksüýri we başga-da ençeme ýadygärlikler şol zamanyň oturym ýerleriniň galyndylarydyr.

b.e.öňki IV müň ýyllykdada Türkmenistanyň çäklerinde ýaşan taýpalaryň hojalygy çalt depginler bilen ösüpdir.

Dag eteklerindäki çeşmeleriň esasy bölegi ekerançylyk üçin özleşdirilipdir. Ilatyň durmuşynda metallurgiýa we keramiki önümçilik uly orun tutupdyr. Misden ýasalan bizler, temençeler, taýagyň ýa-da naýzanyň ujuna oturdylýan çişler, dürli bezeg şaýlary, ýiti reňkler bilen haşamlanan gap-çanaklar döwrüň has kämil gurallary hasaplanýar.

Eneolit zamanynda suwarymly ekerançylygyň ösmegi netijesinde ilat oturymlylyga geçip başlaýar. Gadymy ekerançylar b.e.öňki III müň ýyllyklardan başlap diňe bir dag eteklerinde däl, eýsem düzlüklerde hem uly bolmadyk ýaplary gazyp, özboluşly suwaryş sistemasyny döredipdirler. Göksüýri oazisindäki Mollalydepäniň golaýyndan göwrümi 3500 kw.m bolan emeli suw howdanynyň tapylmagy gadymy ekerançylygyň düzlüklerde-de ösendigini habar berýär. Gadymy ekerançylar esasan arpa we bugdaý ekipdirler. Olaryň hojalygynda maldarçylyk hem uly orun tutupdyr. Sygyr, geçi, goýun, doňuz soňraky döwürlerde bolsa düýe, at ýaly mallary saklapdyrlar.

Irki eneolit döwründen başlap, gurluşyk işleri-de ep-esli kämilleşdirip. çig kerpiçden bir otagly jaýlary salyp başlapdyrlar. B.e.öňki IV müň ýylyk bilen III müň ýyllygyň sepgitlerinde ilatly punktlaryň tutýan meýdany ep-esli giňelipdir. Uly maşgalalaryň döremegi netijesinde köp otagly jaýlar salynypdyr.

Eneolitiň ortaky döwründe küýze önümlerini öndürmek kämilleşipdir. Keramika önümlerine salynýan nagyşlar kämilleşendir. Olaryň bezeglerinde köp reňklilik ýüze çykypdyr.

B.e.öňki IV müň ýyllyk bilen III müň ýyllygyň sepgitlerine degişli ýadygärlikleriň arasynda aýallaryň oturan, dik duran ýanbaşy gaba, elleri aşak sallangy görnüşindäki, palçykdan ýasalan heýkeljikler hem tapyldy. Olaryň arasynda birýarym sakgally erkek adamlaryň heýkeljikleri-de bar. Şol döwre degişli mazarystanlyklardan dürli görnüşli bezeg şaýlary, kähalatlarda dürli gaplar tapyldy.

Eneolit döwrüniň adamlary antropologik görnüşi boýunça süýri kelleli ýewropaistik tipe degişlidir. Bu tip türkmen halkynyň kemala gelmeginde-de uly orun tutupdyr.

Irki eneolit döwrüňde Türkmenistanyň ilatynyň jemgyýetçilik gurluşynda hem özgerişler bolup geçipdir. Suwarymly ekerançylygyň, metallurgiýanyň döremegi, gurluşyk işleriniň güýçlenmegi, maldarçylygyň ösmegi agyr fiziki işler bilen baglanşykly bolandan soň, bu döwür kem-kemden jemgyýetde erkek adamlaryň ornunyň ýokarlanmagyna getiripdir. Bu bolsa jemgyýetiň ösüşine öz täsirini ýetirip enelik urugyndan atalyk urugyna, ondan hem hususy eýeçilige geçmeklige alyp barypdyr. Eneolit medeniýeti soňky bürünç asyry wagtynda Türkmenistanyň çäklerinde synpy jemgyýetiň, döwletiň ýüze çykmagy üçin şertler döredipdir. Türkmenistanyň çäklerindäki oturymly ilat özleriniň ykdysady, medeni ösüşinde Orta Aziýanyň beýleki sebitlerinden öňe geçipdir. Amatly tebigy şertler muňa ep-esli derejede ýol açypdyr. Eneolitiň we bürünç asyrynyň dowamynda gadymy Gündogaryň örän ösen medeniýetleri bilen Türkmenistanyň çäklerinde ýaşan ilatyň aragatnaşygy has güýçlenipdir.