[go: up one dir, main page]
More Web Proxy on the site http://driver.im/Mazmuna geçiň

Togrul beg

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Togrul beg minarasy, Reý, Eýran

Gysgaça maglumat

[düzet | çeşmäni düzet]

Hüküm sürdi 1037-1063

Ýurdy: Seljukly Hökümdarlygy

Özünden soň: Alp Arslan

Aýallary: Altynjan hatyn, Seýýide Fatima

Lakamy: Rukneddin. Ebu Talyp. Dini ady: Muhammet. Öz ady: Togrul beg.

Doguldy: 990-njy ýyl. Horasan

Öldi: 04. 09. 1063.

Dini: Yslam, Sünni

Togrul beg ýa-da Togrül, Tugril, Togrïl beg görnüşinde dürli dillerde ýazylýar. Doly ady: Rukneddin Ebu Talyp Muhammed Togrul beg bin Mikaýyl. (Arapça: طغرل بك; Parsça: طغرل بیک)

Toğrul Beg (990 – 4 sentýabr 1063) Seljuk dinastiýasynyň ikinji, Beýik Seljuk Imperiýasynyň bolsa ilkinji resmi hökümdarydyr. Togrul beg Uly Ýewraziýa Sähralarynda ýaşaýan Türkmen taýpalaryny bir ýere jemläp, olary gündogar Eýrany eýelemeklige gönükdiripdir. Ol soňra tutuş Eýrany we 1055-de Abbasylaryň paýtagty bolan Bagdady basyp alyp, Beýik Seljuk Imperiýasyny döretdi. Ýigrimi üç ýyllap (1040-1063) Beýik Seljuk Imperiýasyna hökümdarlyk etdi. Oguz türkmenleriniň Kynyk boýundan bolan Seljuk begiň agtygydyr. Kakasy - Mikaýyl.

Umumy maglumatlar

[düzet | çeşmäni düzet]

Beýik Seljukly hökümdarlygynyň gurujusy we ilkinji soltanydyr. Togrul beg Oguzlaryň Kynyk taýpasyndan bolan Seljuk begiň agtygydyr. Kakasy[Mikaýyl gazy söweşde wepat bolanda, atasy Seljuk begiň terbiýesini aldy. Çagalygy Jent şäherinde geçdi. Gaznalylaryň, Seljuk begiň ogly Arslan beýguny ýesir almagyndan soňra 1025-nji ýylda Seljuklylaryň başyna geçdi. Altynjan hatyn a öýlendi. Seljuklylara täze ýurt gözleýän Togrul begiň serkerdeligindäki Türkmenler Horasana göç etdiler. 1028-1029-njy ýyllar aralygynda jigsi Çagry beg bilen birlikde Merw we Nişapur şäherlerini ele saldy. Buhara we Balh şäherlerine hem ýörüşe ugrady. 1038-nji ýylda Nyşapurda özüni soltan diýip yglan etdi. 1040-njy ýylda Gaznalylar bilen bolan Daňdanakan söweşinde ýeňiş gazandy. Togrul beg Eýranyň uly bölegini eýeläp Seljukly serhetlerini Anadola çenli uzandyrdy. 1055-nji ýylda Bagdat merkezli Abbasy halyfy bolan Kaim Bagdady syga mezhepli Büweýhogullaryndan tämizlemek üçin Bagdatly meşhur alym, fakyh we kazy Mawardiny Togrul begiň ýanyna ugratdy. Mawardiny Halyfyň salamyny Togrul bege ýetirip, halyfyň hem şäheri halas etmek üçin kömek soraýandygyny aýtdy. Togrul beg Abbasy halyflygyny Şygalardan.halas etmek üçin 1055-nji ýylda Bagdada ýörüşe geçdi. Büweýhogullary bilen söweşdi we olary agyr ýeňlişe sezewar eýledi. Yrakdan soň Büweýhogullary hökümdary bolan El-Melikurrahimi ýesir alan Togrul beg bu döwleti gutarnykly syndyrdy. Togrul beg Bagdada girip Abbasy halyflygynyň goraýjylygyny öz üstüne aldy. Soňra Togrul begiň ejebaşga jigsi Ybraýym Ýynal Togrul bege garşy çykdy we birnäçe Türkmenler hem oňa goşuldy. Togrul beg gozgalaňçy ejebaşga jigsi Ybraýym Ýynal we Büweýhogullary goşunlary bilen kynlyk bilen söweşdi. 1058-nji ýyldyň dekabr aýynda 400 suwary bedewi Banu Hilalyň ýolbaşçylygyndaky obalylar bilen 1055-nji ýylda Bagdatdan sürgün edilen Basasyry bilen jemlenişip Bagdady zabt etdiler. Şäherde metjitlerde Kahirdäki Şyga Fatimiler halyfy Müstensiriň adyna hutba okatdylar. 1060-njy ýylda Togrul beg Ybraýym Ýynalyň gozgalaňyny basyp ýatyrdy we Fatimilerden Bagdady gaýdyp aldy. Olary 2-nji sapar Bagdatdan kowdy. Togrul beg Abbasy halyfy Kaimiň Bagdada dolanyp gelmegini habar berdi. Togrul beg halyfanyň gyzy Seýýidi Fatima el-Betula öÿlendi. Halyf Kaim Togrul bege Soltan Ruknuddewle (Diniň diregi) we Malikul-meşrik we magrib (Gündogaryň we günbataryň soltany) lakamlaryny berip ony soltan diýip yglan etdi[1]. Togrul begiň ilkinji hatyny 1060-njy ýylda Jürjanda wepat boldy. Aýalynyň ölümine gynan Togrul beg onuň jesedini ýurduň paýtagty Reý şäherine getirdip ol ýerde jaýlady. Togrul beg 4. 09. 1063-nji ýylda 73 ýaşynda perzentsiz halda Eýranyň Reý şäherinde wepat boldy we ýerine jigsi Çagry begiň uly ogly Alp Arslan geçdi.

Ebul Kasym Buzgany (Juweýni, Kewbany, Salary Buzgan)

Ebul feth Razy

Reisurruesa Mikaýyl (Şaheb Ebu Abdulla Huseýin bin Aly bin Mälik)

Ebu Ahmet Dihistany Amrek

Amidul mülk Ebu Nasr el-Kunduri

Dogan Awçyoglynyň Türkleriň taryhy kitabynda aýtmagyna görä professor Altan Köýmen «Togrul begiň Kürt, Arap, Eýranly, Deýlemli we ş.m. 26 sany Atabeginiň bolandygyny» aýdypdyr.

[1] Islam: An Illustrated History by Stuart Christopher Munro-Hay, G S P Freeman-Grenville, sayfa 51. ISBN 0-8264-1837-6

Bulardan başga-da şu çeşmelerden hem maglumat alyp bilersiňiz.

Ferishta, History of the Rise of Mohammedan Power in India

adr-al-Dīn osaynī, Abār al-dawla al-saljūqīya,ed. M. Eqbāl, Lahore, 1933, pp. 4–10, 13, 17-18, 22, 26-29.