[go: up one dir, main page]
More Web Proxy on the site http://driver.im/Mazmuna geçiň

Paolo Koelio

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Koelio 2007-nji ýylda

Paolo Koelio —(Iňlisçe – Paolo Coelho) 1947-nji ýylyň 24-nji awgustynda Braziliýanyň Rio-de Janeýro şäherinde dünýä indi. Ýazyjylyk bilen çynlakaý meşgullanmak kararyna gelmezden öň dramaturg, teatr režissýory bolup işledi.

Ilkinji uly seslenme döreden “Zyýarat’ atly romany 1987-nji ýylda neşir edildi.

1988-nji ýylda neşir edilen “Alhimik” atly romany bolsa Paulo Koelionyň ussat Gabriýel Garsia Markesden soň, dünýäniň iň köp okalýan latyn amerikaly ýazyjysy diýlip ykrar edilmegine getirdi. P. Koelionyň häzirki güne çenli 16 kitaby neşir edildi. Ýazyjynyň iň meşhur eserleri “Brida”, “Walkiriýa”, “Piedra derýasynyň kenarynda oturdym, agladym”, “Bäşinji dag” we “Weronika amanadyny tabşyrmak isleýär” ýaly romanlary hasaplanylýar. Onuň “Alhimik” romanynyň dürli dillerde neşir edilen umumy nusgalygy 300 milliondan hem geçdi. Ýazyjy bu eseri üçin dürli ýurtlaryň edebiýat baýraklaryna mynasyp boldy. Häzirki döwürde P. Koelio aýaly Kristina bilen Rio-de Janeýroda ýaşaýar.

Şunlukda, ýazyjynyň meşhur “Alhimik” romanynyň terjime edilen dilleriniň sany ýene-de artdy — ol türkmen dilinde ikinji gezek neşir edildi.

Çeşme: “Dünýä edebiýaty” žurnaly (№1.2011)Paolo Koelio